BAE Türkmenistan bilen özara söwda dolanyşygyny iki esse artdyrmakçy
Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Haý Al Hameli ýurdunyň Garaşsyzlygynyň 54 ýyllygyna bagyşlap “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda belläp geçdi.
2024-nji ýylda iki ýurduň arasynda (nebit söwdasy hasaba alynmazdan) söwda dolanyşygynyň möçberi 1,759 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 75 göterim ýokarydyr.
2025-nji ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistan BAE-niň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda üçünji orunda durýar.
Diplomatyň bellemegine görä, şu ýylyň dowamynda ilçihana iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, aýratyn-da energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berdi.
