Biznes Türkmenistan katarly işewürleri maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow çarşenbe güni Doha şäherinde Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Tuwar Al Kuwari bilen duşuşdy. Duşuşykda Kataryň işewürleri Türkmenistana gelmäge we ýurtda bar bolan maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga çagyryldy. Bu barada QNA habar berýär.
Taraplar iki ýurduň söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem türkmen-katar işewürleriniň gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm orun eýeleýän iki ýurduň bilelikdäki işewürler geňeşiniň işini işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mohammed bin Tuwar Al Kuwari Kataryň Söwda-senagat palatasynyň hususy pudaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi goldaýandygyny, şeýle hem türkmen kompaniýalary bilen söwda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ol katarly maýadarlaryň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny hem aýratyn belledi.
