Seýdiniň NGIZ ýylyň birinji ýarymynda nebitiň gaýtadan işlenilmegini 22% artdyrdy
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işgärleri 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynyň netijeleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende uly önümçilik üstünliklerine ýetdiler. Hususan-da, kärhanada 270 müň tonna nebit gaýtadan işlenip, bu görkeziji geçen ýylyň ýanwar-iýun aýlaryna garanyňda, 22% ýokary boldy diýip, ussatnews.com saýty habar berýär. Çig mal bilen üpjün etmek ýaly möhüm meseleleriň çözülmegi zawodyň ýokary netijeliligine oňyn täsir edýär. Kärhana benziniň, dizel ýangyjynyň, ýol bitumynyň we beýleki önümleriň öndürilişinde möhüm üstünliklere ýetip, olar sarp edijilere yzygiderli ýetirilýär. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň düzüminde 1800-den gowrak ýokary hünärli işgär sazlaşykly we netijeli işleýär. Kärhananyň öňdebaryjy işgärleri yzygiderli höweslendirilýär. Zawodyň işgärleri üçin amatly iş şertlerini döretmäge we olaryň maşgalalarynyň durmuş meselelerini çözmäge uly üns berilýär. Şeýle hem işgärleriň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreler görülýär. Seýdi şäherinde zawod işgärleri üçin dört gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy dowam edýär. Bu jaý ulanylmaga berilenden soň, nebiti gaýtadan işleýji 24 maşgalanyň häzirki zaman amatly öýlere eýe bolarlar.