Abatlaýjylaryň üstünlikleri
Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» düýpli abatlaýyş müdirlikleri boýunça şu ýylyň başyndan bäri geçen hasabat döwründe goşmaça alnan «gara altynyň» möçberleri 81 müň 830 tonna golaýlady. Bu görkeziji geçen alty aý üçin bellenilen meýilnamanyň 141 göterim berjaý edilendigini görkezýär. Bellenilen meýilnamada görkezilenden 24 müň 138 tonna «gara altynyň» goşmaça alynmagyna «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň abatlaýjylary saldamly goşant goşmagy başardylar. Ady agzalan müdirlik boýunça bu döwürde «gara altynly» guýularyň 32-sinde abatlaýyş işleri geçirilip, 24 guýy ulanyşa berildi. Kärhananyň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça nebit çig malyny almak baradaky meýilnamalaryna 2,9 esse artygy bilen hötde gelendiklerini bolsa aýratyn nygtamak gerek. Ýeri gelende aýtsak, tutuş trest boýunça şu ýylyň gürrüňi edilýän hasabat döwründe düýpli abatlanan guýularyň 199-syna derek 217-siniň nebitgaz çykaryş müdirliklerine ulanyşa tabşyrylandygy has-da buýsançly görkezijidir. Önüm bermesini kemelden guýulary abatlamakda «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirliginiň kuwwatly tehnikalary peýdalanyldy.