Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary
Energetika ministrliginiň 2020-nji ýylyň 21-nji dekabryndaky buýrugynyň esasynda Orhan Namig Zeýnalow ministrligiň Halkara hyzmatdaşlyk müdirliginiň başlygy wezipesine bellenildi. Orhan Zeýnalow 2002-nji ýylda Azerbeýjanyň döwlet uniwersitetini bakalawr derejesi bilen tamamlap, 2004-nji ýylda magistr derejesini aldy. Şol bir wagtda ol 2003–2004-nji ýyllarda Päkistanyň Diplomatik Gulluk Akademiýasynda ýörite diplomatik bilim, şeýle hem 2015-nji ýylda Garward uniwersitetiniň Kennedi adyndaky Döwlet Dolandyryş Mektebinde goşmaça bilim aldy. 2003–2020-nji ýyllarda ol daşary işler ministrliginiň dürli diplomatik wezipelerinde işledi. 2013-nji ýylda O. Zeýnalow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (ECO) energetika, daşky gurşaw we peýdaly baýlyklary gazyp almak bölüminiň (D2) ýolbaşçysy wezipesine saýlanyp, 2013–2016-njy ýyllarda şol guramada Azerbaýjanyň wekili hökmünde işledi. 2016–2017-nji ýyllarda ol Azerbaýjan tarapyndan «Azerbaýjan – Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygynyň 2018–2020 ýyllar üçin ileri tutulýan ugurlary» atly resminamanyň gepleşik we ylalaşyk işine gatnaşdy. 2018-nji ýylda ol ABŞ-daky Azerbaýjan respublikasynyň ilçihanasynda geňeşçi wezipesine bellenildi we bu wezipede 2020-nji ýylyň dekabryna çenli işledi.