Halkara Gaz Bileleşiginiň Prezidenti
Jenap Andrea energiýa we gaz pudagynda strategiýa, ösüş, işewürlik, düzgünnama we geçiş meseleleri boýunça 25 ýyldan gowrak tejribä eýe. Ol zähmet ýoluna “Eni E&P” kompaniýasynda başlady, soňra bolsa liberallaşdyrma işini we ýerasty gaz saklaýyş ulgamynyň düzgünnamalaryna hem-de işewürligiň ösüşine itergi berdi.Ol “Gas Storage Europe” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolup, birnäçe ýyl GIE geňeşiniň agzasy hökmünde hyzmat etdi.2010-njy ýyldan başlap ol “Snam” kompaniýasynda işläp başlady we şu wagta çenli infrastrukturanyň ösüşi hem-de birleşdirmek we satyn almak (M&A) işlerini alyp barýar.Bulardan başga-da, ol Günorta gaz geçelgesiniň ösüşini ilerletmekde uly orun eýeledi.“Snam” strategiýasyna ýolbaşçylyk eden wagty ol “Gas for Climate 2050” başlangyjynyň öňe sürüjisi boldy we CNG/SSLNG biometan taslamalaryny başlatdy.Soňra dünýädäki gaz bazarlaryny ösdürmek we optimizasiýalaşdyrmak maksady bilen Hytaýda "Snam" hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin döredilen "Snam Global Solutions"-yň işewürlik bölümine ýolbaşçylyk etdi.Häzirki wagtda ol “SNAM” kompaniýasynyň ýokary derejeli maslahatçysy bolup işleýär we 2025–2028-nji ýyllar aralygyna çenli Halkara gaz bileleşiginiň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýär.