Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Aziýanyň ösüş bankynyň ykdysady taýdan durnukly ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi we gepleşikleriň netijeli bolmagyny arzuw etdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz we maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, hususy pudagy ösdürmek maksadyna laýyklykda, bu düzümiň ýurdumyzyň banklary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny belledi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň geljekde hem bu iri halkara maliýe edarasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, Aziýanyň ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmine alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.