Türkmenistan, Russiýanyň energiýa tygşytlylygy we gidroftoruglerodlaryndan ýüz öwrülmegi boýunça tejribesini kabul edýär
Ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ylmy edaralaryň we hususy pudagyň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Russiýanyň Moskwa oblastynyň Mytişi şäherindäki «KrioFrost akademiýasy» ylmy-bilim merkezinde geçirilen «Gidroftoruglerodlaryndan ýüz öwrülmegi jähtinden sowadyjy ulgamlaryň energiýa netijeliligi» maslahatyna gatnaşdy. Çäre Monreal teswirnamasynyň we oňa Kigali düzedişiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine bagyşlandy. Döwlet pudagyna Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, hususy pudaga – sowadyjy enjamlara hyzmat edýän kompaniýalar: «Sähra», «Salkyn otag», «Beýiklik», «Daşly minara», «Beko», «Howa ussasy» we «Abraýly Maksat» hojalyk jemgyýetleriniň hünärmenleri wekilçilik etdiler. Maslahatyň dowamynda gidroftoruglerodlaryndan ýüz öwrülmegi tapgyry üçin zerur bolan kanun çykaryjy, kadalaşdyryjy we maglumat-seljeriş resminamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýanyň we Belarusyň bu babatdaky tejribesi bilen tanyşdyryldy, sowadyjy bazaryndaky ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýaly we belarusly hünärmenleriň howa hem-de planetanyň ozon gatlagyna täsirsiz we howpsuz tebigy sowadyjylary ulanmak arkaly sowadyjy ulgamlaryň energiýa netijeliligi üçin iň pes standartlaryny döretmek barada tematiki çykyşlary guraldy. UNIDO hünärmenleri gidroftoruglerodlaryndan ýüz öwrülmegi we howany goramak boýunça öňdebaryjy tejribäni we teklipleri hödürlediler. Maslahat birnäçe günlük tanyşlyk gezelençleriniň we öňdebaryjy tejribeler we tehniki howpsuzlyk boýunça jemleýji çäresi boldy. Türkmenistanyň wekilleri ekologiýa taýdan arassa sowadyjylaryň ulanylýan önümçilik desgalaryna we söwda meýdançalaryna baryp gördüler. Çäräniň ahyrynda tebigy sowadyjylary howpsuz ulanylmak boýunça sapaklar geçirildi. Maslahata gatnaşanlara degişli şahadatnamalar berildi.